Turkmenportal logo
Şu gün 07:37
56775677
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistan serhedi goramak üçin ýylanlary we krokodilleri ulanmagyň mümkinçiligini öwrenýär

Hindistanyň Pakistan we Bangladeş bilen serhetlerini goraýan Serhet howpsuzlyk güýçleri (BSF) serhetýaka derýa zolaklarynda ýylanlary we krokodilleri ulanmagyň mümkinçiligini öwrenmegi öz bölümlerine tabşyrdy. Bu barada Hindistanyň The Hindu neşiri tarapyndan salgylanylýan edaranyň hyzmat ediş resminamasyndan mälim boldy.

26-njy martda serhet güýçleriniň baş edarasyndan Bangladeş bilen serhediň ugrunda ýerleşýän ähli meýdan bölümlerine iberilen hyzmat etmekligiň görkezmesinde serhediň gowşak bolan derýa böleklerinde süýrenijileri ýerleşdirmegiň maksadalaýyklygyny operatiw nukdaýnazardan öwrenmegiň we baha bermegiň zerurdygy bellenilýär. Resminamada şeýle hem bu başlangyjyň Hindistanyň içeri işler ministri Amit Şahyň görkezmelerine laýyklykda amala aşyrylýandygy nygtalýar.

Adaty bolmadyk çäreleriň zerurlygy ýerleriň aýratynlyklary bilen baglydyr: käbir böleklerde derýalar, batgalyklar we çylşyrymly tebigy şertler sebäpli adaty gorag päsgelçiliklerini gurmak mümkin däl. Hindistanyň Bangladeş bilen gündogar serhediniň uzynlygy 4 müň kilometrden gowrak bolup, ol ilatly ýerleriň we köp sanly derýa jülgeleriniň üstünden geçýär. Parlamentiň içeri işler boýunça komitetiniň maglumatlaryna görä, serhediň takmynan 371 kilometri häzire çenli berkidilmän galýar.

Häzirki wagtda süýrenijileri ýerleşdirmek boýunça gutarnykly karar kabul edilmän galýar — mesele henizem operatiw taýdan öwrenilýär. Serhet gullugynda şeýle hem birnäçe çynlakaý töwekgelçilikler görkezilýär: süýrenijiler düzgün bozujy bilen ýerli ýaşaýjyny tapawutlandyryp bilmeýär, üstesine-de bu sebitlere mahsus bolan suw joşmalary wagtynda haýwanlar gözegçilik edilýän çäkden çykyp, serhediň iki tarapyndaky ilat üçin howp döredip biler.

Şol bir wagtyň özünde Serhet howpsuzlyk güýçleri gündogar serhediň goragyny üpjün etmek üçin has tehnologiýalaşdyrylan usullary, şol sanda ýokary tehnologiýaly enjamlary we gözegçilik serişdelerini ulanmak mümkinçiligini gözden geçirýär.