Turkmenportal logo
Düýn 23:42
89248924
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Türkmenistan bilen Yragyň arasyndaky hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
Surat: Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň DIM-de ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde Yrak Respublikasynyň ilçihanasynyň açylmagynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşmaça itergi berjekdigi bellenildi.

Şeýle hem taraplar birnäçe sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.