Turkmenportal logo
Düýn 17:26
51595159
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Burundi merginiň ýokanjynyň dikelendigini habar berdi
Surat: news.az

Burundiniň saglygy goraýyş ministri Lidwin Baradahana ýurtda mergi keseliniň ýene-de köpçülikleýin ýaýrap başlandygyny habar berdi. Ol bu barada paýtagt Bužumbur şäherinde geçen metbugat ýygnagynda aýtdy diýip, «Africa news» portalyna salgylanýan «rg.ru» ýazýar.

Ministriň sözlerine görä, häzir iki sany ýöriteleşdirilen bejergi merkezinde 34 hassa keselden bejergi alýar. 1-nji aprelde Çarlz patyşa adyndaky hassahana 18 sany keselliniň gelip gowşandygy belli boldy.

Häkimiýetler kesellileriň artmagyny arassaçylyk düzgünleriniň ýeterlik berjaý edilmeýändigi bilen baglaýarlar. Hökümet kesele garşy göreşmekde ÝUNISEF-iň goldaw bermeginde çäreleri güýçlendirýär. Ýurda eýýäm goşmaça lukmançylyk gorlary we kesellilere gyssagly kömek bermek üçin ulaglar eltildi.