Turkmenportal logo
Şu gün 16:09
31613161
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kreml: Daşary ýurtly syýasatçylar Moskwada 9-njy maý baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak isleýärler
Surat: worldinform.ru

Daşary ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylary 9-njy maýda Russiýanyň paýtagtynda geçjek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak meýilleri barada beýan etdiler. Rus tarapy myhmanlary kabul etmäge taýýardygyny tassyklady diýip, RF-niň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow habar berdi.

Uşakowyň sözlerine görä, 9-njy maý dabaralaryna gatnaşmak isleýän birgiden döwlet işgärleri bar. «9-njy maýda dabaraly ýöriş, şeýle-de biziň Prezidentimiziň daşary ýurtly ýolbaşçylar bilen duşuşyklary bolar» diýip, Uşakow nygtady.

Bu barada «rg.ru» ýazýar.