Fransiýanyň Gretz-Armanwilýe şäherinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.
2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan bu çäre Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guraldy.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, çärä ýerli häkimiýet wekilleri, medeniýet işgärleri, diplomatik korpusyň agzalary hem-de türkmen halkynyň baý medeni mirasyna uly gyzyklanma bildiren sebitiň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew öz çykyşynda medeni dialogyň halklary ýakynlaşdyrmakdaky möhüm ornuny belläp, medeniýetiň ýurtlaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrýan möhüm serişdedigini nygtady.
Ilçi şäher häkimine, şeýle hem Gretz-Armanwilýe şäheriniň häkiminiň orunbasary we «Fransiýa — Türkmenistan» Assosiasiýasynyň Prezidenti jenap Kristian Burdeýe çäräniň ýokary derejede guralmagyna goşan goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Konsertiň dowamynda milli aýdym-sazlar, halk döredijilik eserleri we sungat ussatlarynyň çykyşlary görkezilip, myhmanlara türkmen medeniýeti bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredildi.
Çäräniň çäklerinde guralan sergi aýratyn gyzyklanma döretdi.
Şeýle hem myhmanlar türkmen milli aşhanasynyň tagamlary bilen tanyşmaga mümkinçilik tapdylar.