Turkmenportal logo
Şu gün 11:51
78377837
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Artemis II» astronawty Aýyň arka tarapy barada gürrüň berdi
Surat: gazeta.ru

«Orion» kosmos gämisiniň ekipažy «Artemis II» saparynyň barşynda Aýyň arka tarapyny gördi. Bu barada olar BBC teleýaýlymyna beren interwýusynda gürrüň berdiler diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. «Ol biziň gözümiziň öwrenişen Aýyna meňzemeýär» diýip, astronawt zenan Kristina Koh belledi.

Şenbe güni britan tomus wagty boýunça çagat 23:00-da (Aşgabat wagty bilen sagat 19:00) ABŞ-nyň NASA edarasynyň onlaýn-ekrany «Artemis II» gämisiniň Ýerden 289 müň 681 kilometr daşlaşandygyny görkezdi.

3-nji aprelde NASA Ýeriň bu gämide düşürilen ilkinji fotosyny çap etdi, onda planeta ýarymaý görnüşinde görünýär.

Ady tutulan kosmos edarasynyň «Artemida-2» topary 1-nji aprelde Aýa uçdy. Maksatnamanyň baş maksady – indiki tapgyra taýýarlyk, oňa görä, «Artemida-3» saparynyň barşynda Aýyň üstünde gonmak meýilleşdirilýär. «Artemis II» toparynyň astronawtlary eýýäm Aýa ýoluň ýarysyndan gowragyny geçdiler.

Üç amerikaly we bir kanadaly astronawtdan ybarat bolan toparyň uçuşy «Apollo» maksatnamasynyň dowamy hökmünde 53 ýyldan soňra amala aşyrylýar.