Türkmenistandaky «Lu Ban ussahanasyny» dabaraly ýagdaýda açmak we onuň netijeli işini ýola goýmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň we Hytaýyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş duşuşygy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Iş duşuşygynyň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän ussahananyň bezeg işleri, açylyş dabarasy, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, geljekki meýilnamalar, şeýle hem taýýarlanylýan taslamalaryň ýerine ýetiriliş derejesi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Uniwersitetiň hünärmenleri Hytaý Halk Respublikasynyň hünärmenleri bilen bilelikde «Lu Ban ussahanasynyň» taslama we gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirdiler. Ussahanada «Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi» hem-de «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)» bakalawr taýýarlyk ugurlary boýunça nebitgaz we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýokary derejeli ýaş hünärmenler taýýarlanylar, şeýle hem professor-mugallymlaryň we Hytaýyň Türkmenistanda işleýän hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyryş okuwlary geçiriler.
Bu ýerde ýurduň we Hytaýyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary tomusky okuw-önümçilik tejribeliklerini geçerler. Bu işleri amala aşyrmak üçin «Lu Ban ussahanasynda» geologiýa ugry boýunça 2 sany tejribehana otagy, 4 sany maglumat tehnologiýalary otagy, şeýle hem serwer, kiçi mejlisler, mugallymlar otaglary göz öňünde tutulan.
Taraplar Hytaýyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň ylym-bilim ulgamynda täze mümkinçilikleri açýandygyny aýratyn bellediler. Şeýle hyzmatdaşlyk talyplaryň hünär derejesiniň ýokarlanmagyna, mugallymlaryň tejribe alyşmagyna hem-de ylmy-barlag işleriniň ösdürilmegine uly goşant goşar.
Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň — Sian nebit uniwersitetiniň hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, şeýle hem Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň we Bilim ulgamynda halkara alyşmalar boýunça assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.