Turkmenportal logo
Şu gün 10:40
43994399
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň Musulmanlarynyň Ruhy ýygnagynyň başlygy Gurban baýramynyň haçan gelýändigini aýtdy
Surat: ria.ru

Russiýanyň Musulmanlarynyň Ruhy ýygnagynyň başlygy Albir Krganow Gurban baýramy bu ýyl 26-njy maýy gün ýaşanda gelýär diýip, «RIA Nowosti» habarlar gullugy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

«Bu ýyl Gurban baýramy grigorýan senanamasy boýunça 26-njy maýda gün ýaşanda, hijri senenamasy boýunça, däp bolşy ýaly, zulhijje aýynyň onunjy gününde gelýär. Şol gün Mekgä haj tamamlanýar» diýip, müfti nygtady. Müftiniň sözlerine görä, Gurban baýramy 26-njy maýdan 30-njy maýa çenli dowam eder.

Gurban baýramy musulmanlaryň baş baýramlarynyň biridir. Ol uly ogly Ismaýyly Hudaýyň ýoluna gurban beren Ybraýym pygamberiň taryhy bilen baglydyr. Haçan-da ogluny gurban berjek bolanda, Alla ony saklap, ýerine goýun gurban bermegi buýrupdyr. Yslam dinine görä, Alla şeýle etmek bilen, Ybraýym pygamberiň ynanjyny barlamak isläpdir.