4-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak we türkmen halkynyň ozal beren maslahatlaryndan ugur alnyp, gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesini üpjün etmek ugrunda edilýän tagallalar barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, gurluşyk işleriniň we serişdeleriniň berkligine, uzak möhletleýinligine zerur üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we dürli maksatly desgalaryň kesgitlenen möhletlerde ulanylmaga berilmeginiň häzirki döwrüň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi. Şunda binalaryň daş-töwereginiň ekologiki derejesi berk gözegçilikde saklanmalydyr.
Soňra Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ýurtda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri we şäheriň ähli künjeklerinde alnyp barylýan arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleriniň netijeleri we bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly tagallalarynyň üpjün edilýändigi barada maglumat berdi. Gahryman Arkadag Türkmen bedewiniň Milli baýramynyň ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda uly dabaralara beslenmelidigini baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde üpjün edilmelidigini belledi şeýle hem bu ýerde guraljak baýramçylyk çärelerine ähli atşynaslar bilen bir hatarda şäher ilatynyň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady.