«Jahan» döredijilik merkezinde fitnes zalyny, köpsanly daşary ýurt dillerini öwrenmäge ýöriteleşdirilen lingafon otaglaryny we beýleki ýöriteleşdirilen ders otaglaryny ýerleşdirmek, üsti açyk we ýapyk sport zallaryny gurmak, çagalara dizaýn hem-de marketing ugurlary boýunça bermek göz öňünde tutulýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Liderine Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda maglumat berildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Howandarlyga mätäç çagalar hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa maglumatynda, «Jahan» döredijilik merkezinde çagalar bilen birlikde ata-eneler üçin hem ýokary derejeli mümkinçilikleri döretmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Mundan başga-da, «Jahan» döredijilik merkezinde dürli ugurlary öz içine alýan otaglar hereket eder. Şunda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berjaý edilmegini esasy ugur edinýän işlere zerur üns berler. Bu ýerde sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek üçin elastik, ýoga, saýkl ýaly beden taplaýjy ugurlar bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler üpjün ediler. Gaznanyň wise-prezidenti O.Atabaýewa bu işleri nazara alyp, merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrmagy teklip etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri teklibi oňlap, alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etmek, şunda çagalaryň isleglerini öwrenip, olary höwes edýän hünärlerine ugrukdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy.