Turkmenportal logo
04.04.26
1135911359
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Şagadam» futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ilkinji tapgyrynda «Nebitçini» ýeňdi

Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň ilkinji tapgyryndaky öz meýdançasyndaky duşuşygynda Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdylar. Duşuşyk «Şagadam» stadionynda geçirildi.

Duşuşykdaky ýeke-täk pökgüni 59-njy minutda penalti urgusyndan Serdar Gulyýew geçirdi.

Duşuşygyň baş emini Resul Mämmedow oýnuň dowamynda hiç kimi meýdançadan çykarman, jemi on sany sary kartoçka görkezdi. Öý eýelerinde 78-nji, 85-nji, 86-njy minutlarda hem-de goşmaça wagtda degişlilikde Toýly Batyrow, Arslan Urazow, Begenç Gylyçnyýazow we Musa Nurnazarow duýduryş aldylar. «Nebitçi» toparynda bolsa 22-nji, 29-njy, 36-njy, 50-nji, 85-nji we 86-njy minutlarda Aşyrgeldi Saryýew, Alybek Abdyrahmanow, Serdar Tukiýew, Myrat Amantaganow, Begenç Mämiýew we Weýisgeldi Ylýasow sary kartoçka aldylar.

Geçen möwsümiň netijeleri boýunça türkmenbaşylylar ýaryş tertibinde dördünji orny eýelediler, balkanabatlylar bolsa ýaryşy bäşinji bolup tamamladylar.

Indiki tapgyrda «Şagadam» 11-nji aprelde myhmançylykda «Aşgabat» bilen duşuşar. Şol gün «Nebitçi» hem myhmançylykda «Merw» bilen güýç synanyşar.