Turkmenportal logo
Düýn 23:25
60336033
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda asman jisimlerini öwrenmäge niýetlenilen abserwatoriýa gurlar

Häzirki wagtda Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda asman jisimlerini ylmy esasda öwrenmäge niýetlenilen abserwatoriýanyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Bu barada şu gün türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalar hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň maglumatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, kitaphananyň otaglaryny döwrebaplaşdyrmak, şunuň bilen birlikde bu ýerde asman jisimlerini synlamak üçin teleskopyň ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar.