Turkmenportal logo
Düýn 23:09
48504850
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalar hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherindäki ştab-kwartirasyna bardy. Bu ýerde Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa hem-de R.Bazarow Gaznanyň hemaýat bermeginde amala aşyrylýan giň möçberli gurluşyk işleri barada giňişleýin maglumatlary berdiler. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Gaznanyň wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy, şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag  şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde bina edilýän häkimligiň binasynda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, täze şäheriň çäginiň yzygiderli giňeýändigi, onuň ösýändigi bilen baglanyşykly meseleleriň hemmetaraplaýyn açylyp görkezilmegi, onuň halkara giňişliginde wagyz edilmegi ugrunda zerur işleriň geçirilmelidigini belledi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.