Özbegistanda ýükleri daşamak we saklamak bilen bagly hyzmatlary amala aşyrýan birnäçe türkmen kompaniýalary hereket edýär. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.
2026-njy ýylyň 1-nji mart ýagdaýyna görä, häzirki wagtda Özbegistanda degişli ugurda iş alyp barýan türkmen kärhanalarynyň sany 15-e deň. Şeýlelikde, Türkmenistan bu sanawda altynjy orny eýeledi.
Özbek bazarynda ýükleri daşamak we saklamak bilen bagly hyzmatlary hödürleýän kompaniýalarynyň sany boýunça Russiýa liderlik edýär — 124 sany. Şeýle-de ilkinji bäşlikde Hytaýyň (115), Gazagystanyň (113), Owganystanyň (19) we ABŞ-nyň (16) ady bar.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygynyň 26 million dollar möçberinde artandygyny habar beripdik.