2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 4 müňden gowrak türkmenistanly Azerbaýjana syýahat etdi. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, «Report» ýazýar.
Hasabat döwründe 4,3 müň türkmen jahankeşdesi syýahat etmek maksady bilen Azerbaýjana bardy. Munuň özi degişli döwürde ýurda gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň 1,3 göteriminde barabardyr. Şeýlelikde, Türkmenistan Azerbaýjana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça 15-nji ýeri eýeledi.
Degişli sanawyň birinji basgançagy Russiýa Federasiýasyna (daşary ýurtly syýahatçylaryň umumy sanynyň 23,2 göterimi), ikinji ýer Türkiýä (21,1 göterim), üçünji orun bolsa Eýrana (9 göterim) degişli.
Umuman alnanda, şu ýylyň deslapky iki aýynda Azerbaýjan 337,3 müň daşary ýurtly syýahatçyny kabul edip, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 0,4 göterim azdyr.