Türkmenistanyň diplomatik gullugy daşary ýurtlaryň daşary syýasat edaralary bilen bilelikde şu ýylyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara saparlaryny guramak boýunça işleri alyp barýar. Bu barada daşary işler ministri Raşid Meredow Hökümet mejlisinde edaranyň 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlaryndaky işiniň netijelerini jemlemek bilen habar berdi.
«Häzirki wagtda ýurdumyzyň diplomatik gullugy tarapyndan dürli döwletleriň daşary syýasat edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagyň 2026-njy ýylda daşary ýurtlara saparlaryny guramak boýunça degişli işler alnyp barylýar» diýip, TDH-a R.Meredowyň sözlerini getirýär.
Şeýle hem Meredow 2026-njy ýylyň fewralynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-a, martda bolsa Hytaýa sapar edendigini ýatlatdy.