Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygy tarapyndan guralan futzal boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryş «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlandy.
Ýaryşa Owganystanyň günbatar welaýatlarynda ýaşaýan türkmen diasporasynyň toparlary gatnaşdy. Gatnaşyjylar şeýle sport çäreleriniň türkmen-owgan doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşant goşýandygyny hem-de parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmat edýändigini bellediler.
Dostlukly ýagdaýda geçen ýaryşa gatnaşan ähli toparlar hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglandy.