Russiýanyň «Gazprom-media» kompaniýasy nusgawy hindi režissýory Rameş Sippiniň meşhur «Zita we Gita» filminiň remeýkini surata düşürmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Kinoprokatçynyň býulleteni» neşirine salgylanýan «rg.ru» habar berdi. Habarda baş keşbe ýurduň ТНТ teleýaýlymynyň «Comedy Club» gepleşiginiň aktýory Marina Krawesiň göz öňünde tutulýandygy aýdylýar.
Täze filmde asyl hindi filmindäki esasy wakalar – aýra düşen ekiz-uýalaryň ykbaly beýan ediler, wakalar häzirki zaman Russiýada bolup geçer.
Asyl film 1972-nji ýylda ekranlara çykdy we şol ýyl Hindistanda iň köp kassa ýygymlaryny toplady. Öňki SSSR-de film dört ýyl soňra ekranlara çykyp, 55 million adam tomaşa etdi.