Turkmenportal logo
Düýn 11:39
77337733
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Erminio» Gresiýada sil joşgunlaryny döretdi
Surat: inform.kz

Çabgalardyr güýçli şemal bilen utgaşan «Erminio» gaý-harasaty Gresiýada sil joşgunlaryna getirdi, binalaryň harap bolmagyna we ulag aragatnaşygynda bökdençlikleriň döremegine getirdi. Bu barada «Reuters» agentligine salgylanýan «Howar» neşiri habar berdi.

Tebigy hadysa Afinyny we Egeý deňzindäki birgiden adalary gurşady. Ýangyn gulluklary ýüzlerçe çakylyk aldylar, halas edijiler adamlaryň gark bolan etraplardan göçürdiler hem-de ýollary ýykylan agaçlardan arassaladylar. Ýaramaz howa şertleri sebäpli, Pireý adasynyň portunda parom gatnawlary çäklendirildi. Krit adasynda güýçli şemal howa gatnawlaryna päsgelçilik döretdi. Nea-Makri şäherinde tebigy heläkçilikde bir adamyň gurban bolandygy habar berilýär, ony köçäni kesip geçjek bolanda, güýçli sil suwy äkidipdir.

Gresiýa soňky ýyllarda adatdan daşary howa hadysalary bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýar, ýurtdaky sil joşgunlarydyr tokaý ýangynlaryny howanyň üýtgemegi bilen baglaýarlar.