Turkmenportal logo
Düýn 11:29
1184111841
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň türgenleri ýanwar–mart aýlarynda geçirilen halkara ýaryşlarda 123 medal gazandy

Türkmenistanyň türgenleri şu ýylyň ýanwar–mart aýlarynda geçirilen halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 123 medal gazandylar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlanan hökümet mejlisinde habar berdi — diýip, TDH agentligi habar berýär.

Bu döwürde ýurtda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýere ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.