Norwegiýanyň häzirki Premýer-ministri Ýonas Gar Stýore 2029-njy ýylda geçjek saýlawlara ýene-de gatnaşmakçy, ol wezipä Norweg işçi partiýasy tarapyndan dalaş etmekçi diýip, «Azertaj» habar berýär.
Şol döwürde Stýoreniň 69 ýaşy dolýar we ol soňky ýüz ýylda Norwegiýanyň iň gartaşan Hökümet başlygy bolar.
«Gartaşandygyma garamazdan, men bu wezpede işlemäge güýç-kuwwatym, saglygym we işe ukybym bar hasaplaýaryn» diýip, Işçi partiýa 12 ýyla golaý wagt bäri ýolbaşçylyk edýän Ý.G.Stýore «TV 2» teleýaýlymynda eden çykyşynda aýtdy.