Turkmenportal logo
Düýn 11:00
63566356
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäde altynyň jemi möçberi näçe bahalanýar
Surat: polese.by

Häzirki wagtda altynyň dünýä bazary takmynan 31 trillion dollar bahalanýar, adamzadyň tutuş taryhynda gazylyp alnan bu gymmatbaha metalyň umumy möçberi 2025-nji ýylyň ahyryna çenli 220 müň tonna golaý boldy. Şeýle maglumatlar Altyn boýunça dünýä geňeşiniň (World Gold Council, WGC) «Altyn bazarynyň esaslary: bazaryň möçberi hem-de gurluşy» atly hasabatynda getirilýär diýip, «Kazinform» agentligi habar berdi.

Maýa goýumlar üçin, esasan, guýma görnüşdäki elýeterli altynyň möçberi takmynan 15 trillion dollar bahalanýar. Oňa guýma, şaýylyk görnüşli, biržadan daşgary maýa goýum gaznalarynda saklanýan 9 trillion dollar, şeýle-de merkezi banklaryň garamagyndaky 5 trillion we ugurdaş maliýe gurallarynda saklanýan 1,5 trillion dollara golaý altyn degişlidir. Altynyň iň köp gorlary zergärçilik önümlerinde – 44 göterim, ondan soň guýma we şaýylyk pul – 21 göterim we merkezi banklaryň ätiýaçlyk gorlarynda 18 göterim saklanýar.

Öz uly möçberlerine garamazdan, altyn heniz hem ählumumy maýa goýum bukjalarynda az paýa eýedir.