ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp penşenbe güni sosial torda ýurduň baş prokurory Pen Bondiniň iş başyndan gidýändigini habar berdi. Onuň wezipe borçlaryny häzirki orunbasary Todd Blanş ýerine ýetirer.
«Pem Bondi Amerikanyň hakyky watançysydyr hem-de meniň baş prokurorymyň wezipesinde ak ýürekden zähmet çeken wepaly dostumdyr» diýip, Tramp «Truth Social» sosial torundaky sahypasynda ýazdy: «Ol täze, hususy pudakdaky zerur we möhüm işe geçer, bu barada golaý wagtda yglan ediler» diýip, amerikan lideri sözüniň üstüni ýetirdi.
Bu barada «Sinhua» agentligi habar berdi.