Turkmenportal logo
Şu gün 10:37
26882688
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ak Bulut» «Hyzmatdaşlyk we ösüş – 2026» sergisinde öz önümleri bilen tanyşdyrdy

«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly halkara sergide öz önümlerini hödürledi.

Ýurtda geçirilýän iri halkara çärelerine işjeň gatnaşýan kompaniýa nobatdaky gezek öz mümkinçiliklerini hem-de önümleriniň giň görnüşlerini görkezdi. «Ak Bulut» kompaniýasynyň diwarlygy sergä gelýänleriň, şol sanda işewürleriň we degişli ugurly guramalaryň wekilleriniň ünsüni özüne çekdi.

Kompaniýanyň diwarlygynda kärhananyň önümçilik kuwwatyny we häzirki zaman çemeleşmelerini beýan edýän dürli görnüşli önümler görkezildi. Sergä gatnaşmak «Ak Bulut» üçin işewürlik gatnaşyklary pugtalandyrmak, tejribe alyşmak hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin nobatdaky mümkinçilik boldy.

«Hyzmatdaşlyk we ösüş» halkara köpugurly sergisi kompaniýalaryň gazananlaryny görkezmek, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de milli önümleri daşary bazarlara çykarmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.

Sergi 4-nji aprele çenli dowam eder. Iş wagty: 4-nji aprelde — sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
(+99312) 754243 / 754244
(+99362) 24 00 44, +99362 24 00 55, +99362 14 00 44

Baş ofisi we sergi jaýy:
Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesi, 29/1 jaý, 3-nji gat

Önümçilik merkezi:
• Asma potoloklary we profil ulgamlaryny öndürýän «Ak Bulut» zawody we ammary — Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby;
• Gipsokarton, BOARDLINE we gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän «Ak Bulut» zawody we ammary — Lebap welaýaty, Dostluk şäheriniň etegi.