Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradow şu ýylyň birinji çärýeginiň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy. Şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,4 göterime, gurluşykda 6 göterime ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 8,3 göterime, oba hojalygynda 2,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,3 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň ýanwar – mart aýlary aralygynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bölek satuw haryt dolanyşygy 10,4 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 3,7 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar – mart aýlary boýunça döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,3 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,2 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda mailýeleşdirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagy dowam etmegi, býujet serişdeleriniň tygşytly we maksatlaýyn peýdalanylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.