7-nji aprelde Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilip geçiler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutany aýratyn belledi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda sporty ösdürmäge hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini nygtap, mejlise gatnaşyjylary we türkmen halkyny Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlise gatnaşyjylar hem Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler.