Turkmenportal logo
Düýn 22:06
26182618
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellenildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Arslan Öwezdurdyýewiç Gurbannazarowy Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory wezipesine bellemek baradaky resminama gol çekdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Aknabat Orazmyradowna Atabaýewany başga işe geçmegi sebäpli, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinden boşatdy, şeýle-de bu wezipä  Baýram Mälikberdiýewiç Taňryberdiýew bellenilip, ol Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.