Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde şu ýylyň üç aýynda ýurtda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar – mart aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmäge önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmäge, kärhanalarda, edaralarda, guramalarda buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmäge, telekeçilik işini ösdürmäge, daşky gurşawy, suwuň biologiki serişdelerini goramaga, migrasiýa hem-de gümrük gulluklarynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen we başga-da birnäçe degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Döwlet Baştutany ýurduň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde üç aýyň dowamynda alnyp barylan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer, daşary syýasat hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.