Turkmenportal logo
Düýn 20:34
22102210
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Surat: Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Mejlisiň dowamynda GDA agza döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin we gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Şeýle hem wekiliýetleriň ýolbaşçylary birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garadylar.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň indiki mejlisini 2026-njy ýylyň iýun aýynda Moskwa şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.