Turkmenportal logo
Şu gün 16:49
993993
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Fransiýada synpy ýapylmakdan goramak üçin bäş sygyr okuwçylaryň sanawyna goşuldy
Surat: khabarovsktv.ru

Fransiýanyň Muşe obasynda bäş sany tüwe sygyr ýerli mekdebe okuwçylyga ýazyldy. Ýagny şeýle geň usul arkaly orta bilim okuw jaýynyň ýolbaşçylary okuwçy sanynyň ýetmeýändigi sebäpli geljek ýylky başlangyç synpy ýitirmek islemeýärler. Bu barada «Ici Alsace» neşirine salgylanýan «rg.ru» gürrüň berýär.

Grand-Est sebitiniň Elzas şäherjiginiň Muşe obasynda-da, köp sanly fransuz mekdeplerine mahsus bolşy ýaly, okuwçy kemlik edýär. Häzirki wagtda bu mekdepde bäş synp bar, eger çagalar bagynda mekdebe çenli ýaşly çagalaryň bary-ýogy altysynyň terbiýelenýändigini hasaba alsaň, onda bu ýylam mekdepde okuwçy sany azlyk etjek. Şonuň üçin mekdep we ýerli häkimiýetler özboluşly çözgüt tapdylar: olar bäş sany ýaş tüwäni indiki başlangyç synpa ýazyp, olary-da mekdebiň howlusynda daňyp goýdular. Mallaryň hemmesi-de ýerli fermeriňki, ol özüniňem bilim alan mekdebini ýapylmakdan goramaga kömek edýändigine az begenenok diýlip, habarda bellenýär.

«Umuman alnanda, sygyrlar synp otagynda bolanyndan otluk meýdanda gezenini gowy görýärler, şonuň üçin olar mugallymlardan açyk tebigatda ders geçmegi haýyş etseler gerek, görýän welin, bu golaý wagtda ýörgünli boljaga meňzeýär. Biz gülen bolýarys, emma hakykatda gaharymyz gelýär» diýip, Muşeniň häkimi Hose Şruoffeneger gürrüň berýär.

Häkim geljekde hatda sygyrsyzam okuwçy sany ýetik bolsa-da synplary ýapmaly boljakdygyndan ätiýaçlanýar, bu bolsa obadaky mekdebiň özüniň-de ýapylmagyna getirip biler.