Turkmenportal logo
Düýn 16:16
48564856
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Gazagystan ekologiýa babatda bilelikdäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Nurlan Nogaýew Türkmenistanynyň daşky gurşawy goramak ministri Öwezgeldi Goşjanow bilen duşuşyk geçirdi diýip, Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda geçiriljek Sebitleýin ekologik maslahatyň (SEM — 2026) çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerini, şeýle-de sebit boýunça möhüm ekologik gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň çemeleşmelerini utgaşdyrmaga, tejribe alyşmaga, şeýle-de durnukly ösüşe gönükdirilen we sebit hyzmatdaşlygyny berkitmäge hyzmat edýän bilelikdäki başlangyçlary işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi.