Turkmenportal logo
Şu gün 15:29
24522452
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda futbol boýunça Ýokary liganyň täze möwsümi başlanýar: ilkinji oýunlaryň öňüsyrasynda nämeleri bilmeli?

4-nji aprelde 2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ilkinji tapgyry geçiriler. Ýokary liga hemişe ýurduň esasy futbol wakasy bolup galýar we tutuş möwsümiň dowamynda janköýerleriň ünsüni özüne çekýär. Geliň, geçen möwsüme, täze ýaryşyň gyzykly taraplaryna hem-de aralyk möwsümdäki esasy transfer täzeliklerine ser salalyň.

2025-nji möwsüm nähili geçdi?

Geçen çempionatyň jemleri boýunça ýene-de «Arkadag» topary ýeňiji boldy. Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky ýyldyzly düzüm möwsümiň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda altyn medallary öňünden üpjün etdi. Şeýle-de bolsa, Ýokary ligany diňe bir toparyň çempionaty diýip atlandyrmak dogry bolmaz. «Ahal» we «Altyn Asyr» ýaly toparlar ýokary derejeli oýun görkezmek bilen janköýerleri begendirdiler we kümüş hem bürünç medallar ugrunda soňky tapgyra çenli göreş alyp bardylar. Şeýle hem Şagadam kluby möwsümiň dowamynda ösüş gazanyp, dördünji orny eýeledi.

Geçen möwsüm aýratyn oýunçylaryň çykyşlary bilen hem ýatda galdy. Bombardirlik ýaryşy janköýerler üçin aýratyn gyzykly boldy. Esasy bäsdeşlik Didar Durdyýew bilen Altymyrat Annadurdyýewiň arasynda dowam etse-de, Elman Tagaýew hem özüni ýokary derejede görkezdi we çempionatyň iň netijeli ýarym goragçysy derejesini ýene-de tassyklady.

Täze möwsümiň öňüsyrasynda geçen ýylyň iň gowy oýunçylary hem yglan edildi: iň gowy futbolçy — Elman Tagaýew, iň gowy bombardir — 27 gol bilen Didar Durdyýew, iň gowy tälimçi — Wladimir Baýramow, iň gowy emin — Resul Mämmedow boldy. «Fair Play» baýragy bolsa «Arkadag» toparyna berildi.

Transfer arakesmesi

Aralyk möwsüm hem gyzykly transferler bilen ýatda galdy. Toparlar öz düzümlerinde uly üýtgeşmeleri geçirdi. Esasan hem «Ahal» toparynyň janköýerleri üçin bu döwür kyn boldy — toparyň birnäçe esasy oýunçylary beýleki klublara geçdi. Tagaýew, Abdurahmanow, Annaýew we Mämiýew «Nebitçi» toparyna goşuldy, Gürgenow «Altyn Asyr» klubynyň düzümine geçdi, beýleki futbolçylar bolsa liganyň dürli klublaryna geçdiler.

Iň möhüm transferleriň biri — Meredow, Diniýew we Myratberdiýew dagynyň «Arkadag» toparyna goşulmagydyr. «Altyn Asyr» topary hem düzümine ünsli çemeleşdi: ol goragçylar hataryny Gürgenow bilen berkitdi, orta meýdançany bolsa Begmyrat Baýow bilen güýçlendirdi. Şol bir wagtyň özünde topar tejribeli hüjümçiler bolan Süleýman Muhadow hem-de Wahit Orazsähedow bilen hoşlaşmaly boldy.

Tälimçileriň düzümlerinde hem üýtgeşmeler boldy: «Ahal» toparyna Eziz Annamuhammedow ýolbaşçy boldy, «Merw» toparyna Rahmanguly Baýlyýew, «Şagadam» toparyna bolsa Maksat Şamyradow baş tälimçi bellenildi.

Oýunlaryň tertibi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýtynda ilkinji tapgyryň tertibi çap edildi. Oýunlar 4–5-nji aprelde geçiriler we «Ahal» bilen «Köpetdag» toparlarynyň duşuşygy bilen başlanar. Deslapky maglumatlara görä, oýun «Aşgabat» stadionynda sagat 16:30-da başlanar.

4-nji aprelde (şenbe):

«Ahal» – «Köpetdag»

«Şagadam» – «Nebitçi»

5-nji aprelde (ýekşenbe):

«Arkadag» – «Merw»

«Altyn Asyr» – «Aşgabat»