25-nji «Azyk harytlary, ingrediýentler we önümçilik tehnologiýalary – UzFood 2026» halkara sergi çarşenbe güni Özbegistanyň paýtagtynda açyldy. Oňa Russiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Özbegistandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan azyk senagaty önümlerini hem-de tehnologiýalaryny öndürýän kompaniýalar gatnaşýarlar.

Serginiň çäklerinde dürli ýurtlardan işewürleriň özara gepleşikleri üçin meýdança hereket edýär.
Sergi 3-nji aprele çenli dowam eder diýip, «Sinhua» agentligi habar berýär.