Turkmenportal logo
Şu gün 14:34
37913791
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewropanyň futboly gaýdyp gelýär: Belet esasy duşuşyklara tomaşa etmäge çagyrýar

Klub ýaryşynda yglan edilen arakesmeden soň Ýewropanyň futboly täzeden doly depginde dowam edýär. Belet platformasy janköýerleri ýakyn günlerde geçiriljek öňdebaryjy çempionatlaryň esasy duşuşyklaryny sypdyrmazlyga çagyrýar.

Italiýanyň A seriýasynyň çäklerinde ýekşenbe güni, 5-nji aprelde sagat 23:45-de «Inter» bilen «Roma» klublarynyň duşuşygy bolar. Duşenbe güni, 6-njy aprelde bolsa janköýerlere iki oýun: sagat 21:00-da «Ýuwentus» bilen «Jenoanyň» arasyndaky hem-de sagat 23:45-de aýgytlaýjy derbi oýny boljak «Napoli» bilen «Milanyň» arasyndaky duşuşyk garaşýar.

Germaniýanyň Bundesligasynda 4-nji aprelde (şenbe güni) iki duşuşyk geçiriler: sagat 18:30-da «Fraýburg» kluby «Bawariýa» bilen, sagat 21:30-da bolsa «Ştutgart» kluby Dortmundyň «Borussiýa» topary bilen oýnar.

Fransiýanyň 1-nji ligasynda anna güni, 3-nji aprelde sagat 23:45-de «PSŽ» kluby bilen «Tuluza» topary duşuşar. Ýekşenbe güni, 5-nji aprelde sagat 23:45-de bolsa aýgytlaýjy günorta derbisi —«Monako» kluby «Marsel» topary bilen oýnar.

Ispaniýanyň La Ligasynda iki merkezi oýun bolar: 4-nji aprelde (şenbe güni) sagat 19:15-de «Malýorka» topary «Real» Madrid bilen oýnar, 5-nji aprelde sagat 00:00-da bolsa möwsümiň esasy oýunlarynyň biri — «Atletiko» Madrid bilen «Barselonanyň» arasyndaky duşuşyk geçiriler.

Niderlandlaryň Erediwizi ligasynda 4-nji aprelde sagat 19:30-da «PSV» Eýndhoven bilen «Utreht» kluby oýnar.

Mundan başga-da, garyşyk başa-baş söweş sungatynyň muşdaklaryna UFC Fight Night ýaryşynda Moýkano bilen Dunkanyň arasyndaky tutluşyk garaşýar, esasy kard ýekşenbe güni, 5-nji aprelde sagat 05:00-da başlanar.

Ähli görkezilen alnyp görkezişler Belet platformasynda «Premium» abunasy arkaly elýeterlidir. Hasaby doldurmak Turkmenportal saýty arkaly hem amala aşyrylyp bilner.

Bellemeli zat, ýokarda diňe tapgyryň esasy oýunlary görkezildi. Belet platformasynda agzalan çempionatlaryň beýleki duşuşyklaryna, şeýle hem goşmaça ýaryşlara hem tomaşa edip bolýar.

Duşuşyklaryň başlanýan sagatlary Aşgabat wagty boýunça görkezildi.