Amerikanyň «Orion» atly dolandyrylýan Aý gämisi Ýeriň orbitasyna çykdy. Ýagny ýurduň NASA edarasynyň amerikaly astronawtlar Rid Waýsmany, Wiktor Gloweri, Kristina Kuky we kanadaly Jeremi Hanseni özüne birleşdirýän «Artemida – 2» atly gämisi 50 ýyldan gowrak wagtdan soňra Aýyň daşyndan uçuşy amala aşyrar. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.
Kosmos gämisi ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Kanaweral burnunda ýerleşýän Jon Kennedi adyndaky Kosmos merkeziniň badalga meýdançasyndan SLS agyr göteriji-raketanyň kömegi arkaly Gündogar kenarýaka wagty bilen çarşenbe güni sagat 18:35-de (Aşgabat wagty bilen penşenbe güni sagat 03:35) uçuryldy.
«Orionyň» hereketlendirijileri ony dört gün töweregi dowam etjek aralyk boýunça Aýa elter, şunda Aýyň üstüne we yza iň gysga aralyk 6500 kilometr bolar. Takmynan alty günden «Orion» 40 müň km/s tizlik bilen Ýeriň atmosferasyna gaýdyp geler hem-de Ýuwaş ummanyň Kaliforniýa kenarýakasynda suwa gonar.
«Orionyň» ilkibaşda uçuşy 8-nji fewralda bolmalydy, emma raketanyň ýangyç bilen doldurylýan synag wagty turbalaryň birinden suwuk wodorodyň syzýandygy anyklanyp, uçuş yza süýşürildi.