Turkmenportal logo
Şu gün 10:20
36173617
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Braziliýa diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýärler

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Braziliýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berdi.

«Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýar» diýip, döwlet Baştutany belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlagynda Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Luis Inasiu Lula da Silwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Braziliýanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.