1945-nji ýylda öndürilen fransuz çakyrly çüýşe söwda auksionynda 812 müň dollara satyldy. Öň 2018-nji ýylda şeýle çüýşäniň biri 558 müň dollara satylypdy diýip, «MIR 24» habar berdi.
Ady tutulan ýylyň üzüm hasylyndan taýýarlanan içginiň aýratyn taryhy bar. Ol eýeleri iki jahan urşuny, üzüm zyýankeşleri bolan fillokserleriň hüjümlerini, burgund sebitiniň tas bir asyrlyk taryhyny başdan geçiren üzümlerini kesip, täzeden oturtmagynyň öňüsyrasynda, ýagny iň ahyrky hasyldan ýasalypdyr. Şeýle çakyrlar özboluşly tagamy bilen kolleksionerleriň arasynda uly meşhurlyga eýedir.
«Acker» auksion öýüniň başlygy Jon Kapon içgä ýokary baha berip, bu hilli çakyry ömründe diňe üç gezek dadyp görendigini hem-de onuň iň ýakymly içgidini aýtdy diýip, «UPI» neşiri ýazýar.