Turkmenportal logo
Şu gün 17:46
32573257
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen-tunis köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy 

1-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Tunis Respublikasynyň daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtlarda ýaşaýan tunislileriň işleri boýunça ministri Mohamed Ali Naftiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Netijeli häsiýetde geçen söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy-diplomatik dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda ministrler türkmen-tunis köpugurly hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.