Turkmenportal logo
Şu gün 17:28
10101010
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan TDG-niň Hökümet Baştutanlarynyň ikinji mejlisine gatnaşýar

Türkmenistan energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly, durnukly we diwersifikasiýa ýoly bilen iberilmegini üpjün etmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tarapdarydyr. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň we wise-prezidentleriniň ikinji mejlisinde eden çykyşynda mälim etdi. Mejlis Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýär diýip, «Trend» ýazýar.

«Biz bilelikdäki energetika taslamalarynyň amala aşyrylmagyna, infrastrukturanyň ösdürilmegine we energetika bazarlarynyň özara baglanyşygyna uly ähmiýet berýäris. Şunda öndürijileriň, üstaşyr geçýän ýurtlaryň we sarp edijileriň bähbitlerini göz öňünde tutmak örän möhümdir. Hut şu ýörelge Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasyny düzýär» diýip, ol belledi.

N.Atagulyýew bu günki günde Türkmenistanyň birnäçe türki döwletler bilen gaz we energetika pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini hem-de bu gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

«Bilelikdäki taslamalar ykdysady gatnaşyklaryň berkemegine hem-de sebitara energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär» diýip, wise-premýer sözüniň üstüni ýetirdi.