Turkmenportal logo
Şu gün 15:56
56235623
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň «EKRA» kärhanasy ilkinji gezek Aşgabatdaky sergide öz önümlerini tanyşdyrdy

Russiýanyň «EKRA» ylmy-önümçilik kärhanasy Türkmenistana energetika enjamlarynyň eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň sebit boýunça direktory Sergeý Batrakow Aşgabatda geçirilen «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly serginiň dowamynda žurnalistlere beren interwýusynda mälim etdi.

«Biz hyzmatdaşlyga we enjamlary ibermäge başlamak isleýäris. Enjamlarymyz ygtybarly, ýokary hilli. Şeýle-de biziň örän gowy tehniki goldawymyz bar» diýip, ol belledi.

Batrakowyň sözlerine görä, Çeboksary şäherinde ýerleşýän kompaniýa rele goragy we awtomatika, heläkçilige garşy awtomatika, şeýle hem ýygylykly priwod ulgamlaryny işläp düzmek we öndürmek boýunça ýöriteleşendir. Kärhana bazarda 35 ýyldan bäri işläp gelýär we atom elektrik stansiýalaryna enjamlary ibermek üçin zerur bolan ähli resminamalara hem-de rugsatnamalara eýedir.

Direktor häzirki wagtda önümleriň iberilýän bazarlarynyň hatarynda Gazagystany, Özbegistany, Türkiýäni, Hindistany we Bangladeşi agzap geçdi. Şeýle hem ol kompaniýanyň enjamlarynyň Hazar turba geçirijiler konsorsiumynyň (HTK) desgalarynda ulanylýandygyny, ol ýerde kompressorlary we hereketlendirijileri dolandyrmak üçin priwod tehnikalaryndan peýdalanylýandygyny belledi.

Aşgabatdaky sergä gatnaşmak «EKRA» üçin ilkinji tejribe boldy. Batrakow: «Biz bu ýere birinji gezek gelýäris. Ýurdy görmäge we kimler bilen hyzmatdaşlyga başlap boljakdygyny kesgitlemäge keldik» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Şeýle-de ol kärhananyň önümleriniň türkmen bazarynda uly islegden peýdalanyp berjegine ynam bildirdi.