Turkmenportal logo
Düýn 17:37
63566356
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Saharanyň çägesi Krit adasynyň asmanyny mämişi-gyzyl reňke boýady

Gresiýanyň Krit adasynyň asmany howadaky ummasyz çäge sebäpli gyzyl reňke boýaldy, çägäni şemal Sahara çölünden äkeldi diýip, «rg.ru» ýazýar. Bu geň görnüşleriň fotosuratlary internetde giňden ýaýrady.

Ajaýyp görnüş döredýändigine garamazdan, ýagdaý Kritiň ilaty we myhmanlary üçin howpsuz däl: Afrikanyň sährasynda emele gelen harasat netijesinde ada aralaşan çägäniň möçberi rekord derejeden geçdi. Mysal üçin, ol ýerli howa gullugy tarapyndan ýaýradylan maglumata görä, her inedördül metrde 1 müň mikrogramdan hem geçýär. Bu howply dereje hasaplanýan 500 mikrogramdan hem iki esse köpdür.

Kritde düşürilen fotosuratlarda adamlaryň köçelerde agyz-burun örtükli barýandygy görünýär. Ýerli häkimiýetler aýratyn hem pensionerlere, ýüregagyrydan, öýken-dem alyş kesellerinden ejir çekýän adamlara fiziki işjeňligi azaltmagy we öýde galmagy duýdurdylar.