Turkmenportal logo
Şu gün 14:03
42124212
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ak Gaýa» öýleri we ofisleri ajaýyp çyralar we lampalar bilen ýagtylandyrýar

Içerki dizaýn dünýäsinde ýagtylygyň ähmiýeti mebeliňkiden ýa-da diwar reňkinden pes däldir. «Ak Gaýa» dükany adaty otaglary rahat we döwrebap giňişliklere öwürýän özboluşly yşyklandyryş çözgütlerini hödürleýär. Bu ýerde kaşaň lýustralardan başlap, amatly stol we potolok lampalaryna çenli otagyňyza ýagtylyk we stil çaýmak üçin gerek bolan ähli zady tapyp bilersiňiz.

Dükanda nusgawy modeller bilen bir hatarda, öýler, ofisler we täjirçilik giňişlikleri üçin amatly bolan täze dizaýnerlik önümleri hödürlenilýär. Her bir önüm hili, berkligi we oýlanyşykly dizaýny bilen tapawutlanýar, bu bolsa islendik interýerde sazlaşykly yşyklandyryş döretmäge mümkinçilik berýär.

«Ak Gaýanyň» menejerleri şeýle belleýärler: «Biz diňe owadan görünýän däl, eýsem, rahat we energiýa tygşytlaýjy yşyklandyryjylary hödürleýäris. Yşyk otaga giren her bir adamyň duýýan duýgusydyr».

Dükan yşyklandyryş boýunça maslahatlary bermek bilen, müşderilere belli bir otaglar we wezipeler üçin iň gowy çözgütleri tapmaga kömek edýär. Bu bolsa siziň öýüňizi ýa-da ofisiňizi täzeçe ýagtylandyrmaga hem-de interýeriňize täze öwüşgin bermäge şert döreder.

«Ak Gaýa» ähli isleg bildirýänleri öz sergi zalyna baryp, islendik giňişligiň atmosferasyny üýtgetmäge ukyply dürli yşyklandyryjylar bilen tanyşmaga çagyrýar.

Ähli alyjylara 3 ýyllyk kredit mümkinçiligi hödürlenýär.

«Ak Gaýa» dükany şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat, G.Kuliýew (Obýezdnaýa) köç., 40-njy jaý.

Telefonlar: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88

Sosial ulgamdaky sahypasy.