Turkmenportal logo
Şu gün 13:46
54115411
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Seulda geçirilen K-Modest Fashion Show moda görkezilişinde milli pawilýony bilen tanyşdyrdy

Türkmenistanyň ilçihanasy 2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Koreýa Respublikasynda geçirilen K-Modest Fashion Show halkara moda görkezilişiniň çäklerinde öz sergi pawilýony bilen tanyşdyrdy. Diwarlyk meşhur Dongdaemun Design Plaza (DDP) medeni merkeziniň meýdançasynda ýerleşdirildi.

Ýurdumyzyň diwarlygynda Türkmenistanyň medeni mirasyny we däp bolan senetçiligini şöhlelendirýän eksponatlar: milli egin-eşikler, elde dokalan halylar, zergärçilik şaý-sepleri we halk döredijiliginiň önümleri görkezildi. Şeýle hem, sergä gelýänler Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitaplary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.