«Hyzmatdaşlyk we ösüş» 2026 atly halkara sergisi 2-nji aprelde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda öz işine başlady — diýip, Turkmenportal neşiriniň žurnalisti habar berýär.
Çärä dürli pudaklarda häzirki zaman tehnologiki çözgütleri we innowasiýalary görkezýän dünýäniň 100-den gowrak öňdebaryjy brendi gatnaşýar. Guramaçylaryň bellemegine görä, sergi halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de Türkmenistanyň bazaryna çykmak üçin täze mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.
Sergi giň ugurlary öz içine alýar, şol sanda materiallar we çig mallar, yşyklandyryş we awtomatlaşdyryş ulgamlary, akylly tehnologiýalar we gözegçilik ulgamlary, elektrik-tehniki önümler, howpsuzlyk ulgamlary, şeýle hem ýyladyş, howa çalşygy we kondisioner ulgamlary (HVAC) boýunça çözgütler görkezilýär. Mundan başga-da, dürli gurallar we enjamlar, interýer çözgütleri, izolýasiýa we bezeg materiallary, keramika önümleri, şeýle hem landşaft we modully gurluşlar hem serginiň diwarlyklarynda bu ýere gelýänler üçin görnüşe çykarylandyr.
Guramaçylar sergi meýdançasynyň halkara öndürijiler, distribýutorlar we işewürlik wekilleriniň arasynda göni hyzmatdaşlyk guramak üçin netijeli ýer boljakdygyny belleýärler.
Sergä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, işewür birleşikleriniň agzalary, telekeçiler, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.
Sergi 4-nji aprele çenli ö işini dowam eder. Iş wagty: 2-nji we 3-nji aprelde — sagat 10:00-dan 18:00-a çenli, 4-nji aprelde — sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.
Goşmaça maglumatlary almak üçin (+99312) 39 88 86, (+99365) 815205 telefon belgilerine jaň edip ýa-da info@cci.gov.tm we turkmenistan@netorganization.net elektron poçta salgylaryna ýüz tutup bilersiňiz.