Turkmenportal logo
Şu gün 11:01
47004700
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Gurat Hil» doly kepillik bilen howpsuz «SIGMA» liftlerini hödürleýär

Şähergurluşyk ulgamynyň çalt depginler bilen ösmegi hem-de köpgatly binalaryň gurluşyklarynyň artmagy netijesinde, liftler indi kaşaňlygyň nyşany bolmagyny bes etdi – olar häzirki wagtda gündelik infrastrukturanyň möhüm bölegine öwrüldi. Hut şonuň üçin göteriji enjamlar saýlananda adamlaryň jan saglygy bilen gönüden-göni bagly bolan howpsuzlyk esasy şert bolup durýar.

«SIGMA Elevator-yň» Turkmenistandaky resmi distribýutory bolan «Gurat Hil» bu ugra aýratyn üns berýär. Önümleriniň ýokary hiliniň subutnamasy hökmünde kompaniýa ähli liftlere uzaldylan 5 ýyllyk kepillik berýär. Şeýle möhlet pudakdaky standart talaplardan has ýokarydyr hem-de yşyklandyryjy lampalardan başlap, hereketlendirijilere we elektron dolandyryş ulgamlaryna çenli ähli enjam toplumlaryny, şol sanda zerurlyk bolan ýagdaýynda enjamyň düzüm böleklerini mugt çalşyrmak hyzmatyny hem öz içine alýar.

«SIGMA Elevator» liftleriniň ygtybarlylygy berk önümçilik standartlary bilen tassyklanýar. Önümler 2004-nji ýyldan bäri Hytaýyň milli akkreditasiýa gullugy (CNAS) tarapyndan ykrar edilen hususy akkreditirlenen laboratoriýada toplumlaýyn synagdan geçirilýär. Synagyň netijeleri dünýäniň 80-den gowrak ýurdunda, şol sanda ABŞ-da, Germaniýada, Ýaponiýada we Fransiýada kabul edilýär, bu bolsa hil we howpsuzlyk babatda halkara derejesini görkezýär.

«Gurat Hilde» nygtaýyşlary ýaly, lift saýlananda baha däl-de, ygtybarlylyga üns bermek möhümdir: «Lift häzirki zaman dünýäsinde kaşaňlyk däl, zerurlykdyr. Maşgalalar, çagalar we gartaşan adamlar olary her gün ulanýarlar. Şonuň üçin howpsuzlyk birinji orunda durmalydyr. Hili saýlamak bilen, özüňiz we ýakynlaryňyz üçin goragy saýlaýarsyňyz. Biz «SIGMA Elevator-yň» önümlerine ynanýarys, şonuň üçin lampadan hereketlendirijä çenli tutuş topluma 5 ýyllyk kepillik berýäris we enjamyň düzüm böleklerini mugt çalşyrýarys. Häzirki wagtda diňe «SIGMA» şeýle jogapkärçiligi öz üstüne alyp bilýär».

Bilermenler göteriji enjamlaryň hilinden tygşytlamagyň agyr netijelere getirip biljekdigini belleýärler. Lift diňe gatlaryň arasynda hereket etmek üçin serişde däl, eýsem, ygtybarlylygy ýolagçylaryň her gün howpsuzlygyny üpjün edýän ulgamdyr.

Şonuň üçin «SIGMA Elevator» we «Gurat Hil» kompaniýalarynyň çemeleşmesi howpsuzlygyň diňe bir aýratynlyk däldigini, onuň lift enjamlaryny saýlananda her bir kararyň esasyny düzmeli standartdygyny görkezýär.