Turkmenportal logo
Şu gün 10:53
21482148
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Baku halkara deňiz portunda duşuşyk geçirildi
Surat: azertag.az

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew bilen «Azerbaýjan Demir Ýollar» (ADY) ÝGP-niň başlygy Rowşan Rüstemowyň arasynda Baku halkara deňiz portunda duşuşyk geçirildi.

AZERTAG-yň berýän habaryna görä, Türkmenistanyň wekiliýetine Baku porty barada, şol sanda ADY bilen utgaşdyrylandan soňra bu ýerde bitirilen işler we üstaşyr ýük daşamalarynda portuň tutýan orny hakynda giňişleýin maglumat berildi.

Ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunda deňiz düýbüni çuňlaşdyrmak arkaly infrastrukturany kämilleşdirmek we port arkaly ýük daşamalarynyň möçberini artyrmak barada pikir alyşyldy.

Taraplar iki ýurduň demir ýollary we halkara deňiz portlarynyň arasynda utgaşykly işi üpjün etmek üçin sanly maglumat alyşmagyň ähmiýetini nygtadylar.

Şol bir wagtyň özünde, degişli ulag ugurlarynyň ösdürilmeginiň çäklerinde multimodal daşamalar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de Gündogar-Günbatar-Gündogar ugurlarynda ýük akymyny artyrmak üçin edilmeli işler barada durlup geçildi.