Ozal habar berşimiz ýaly, wise-premýer N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Azerbaýjanda saparda bolýar. Saparyň çäklerinde şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri M.Jabbarow bilen duşuşdy.

«Azertac» habarlar gullugynyň habar berşi ýaly, duşuşykda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda ýurtlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly ösüşiniň möhümdigi nygtaldy, şeýle-de Türkmenistan bilen söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň mümkinçilikleri bellenildi. Şol bir wagtyň özünde dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiliklerine üns berildi.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ileri tutulýan ugurlaryny, energetika, ulag-üstaşyr, logistika we beýleki ugurlarda bilelikdäki işleri giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar.