Turkmenportal logo
Düýn 17:29
67396739
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hanoýda 2,5 müň orunlyk teatr gurlar
Surat: bangkokattractions

Wýetnamyň paýtagtynda bahasy 2 trillion dong bolan 2,5 müň orunlyk teatr gurmagy meýilleşdirýärler. Teatryň eýeleýän meýdany 9 müň inedördül metr bolar, onuň gurluşygy 2030-njy ýylda tamamlanar. Bu barada «Vietnam News Agency» (VNA) agentligine salgylanýan «tvbrics.com» habar berýär.

Şäheriň häkimliginiň maglumatlaryna laýyklykda, häzir Hanoýda alty teatr hereket edýär. Olaryň köpüsi 20 ýyl töweregi mundan öň gurlup, ses, yşyklandyryş we sahna bezegi babatda häzirki zaman tehniki ölçeglere gabat gelmeýär.

Täze teatr ýokary hilli saza we ýerine ýetiriş sungatlaryna elýetereliligi giňelder, nobatdaky binagärlik gymmatlyk bolup, Hanoýyň medeni we syýahatçylyk merkez hökmündäki derejesini ýokarlandyrylar diýlip garaşylýar.

Hanoý 2030-njy ýyla çenli däp bolup gelýän gymmatlyklary gorap saklamak bilen, özboluşly we häzirki zaman medeni ekoulgamy döretmegi meýilleşdirýär.