Turkmenportal logo
Düýn 16:45
80578057
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Rast ýol» Türkmenistandan dalaşgärleri Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde okuwa çagyrýar

«Rast ýol» hojalyk jemgyýeti 2026/2027-nji okuw ýylynda Belarus Respublikasynyň döwlet uniwersitetlerinde okamak üçin türkmenistanly dalaşgärlerden arzalary kabul etmegiň başlanandygyny yglan etdi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ykrar edilen bilim edaralarynyň sanawyna girizilen ýokary okuw mekdeplerine girmek mümkinçiligi hödürlenilýär.

Kompaniýa hemmetaraplaýyn goldaw hyzmatyny hödürleýär: hünär we uniwersitet saýlamaga kömek edýär, resminamalary taýýarlamaýar we resmileşdirýär, çakylyk almaga kömek edýär, şeýle hem arza bermek prosesinde goldawlaryny berýär. Belarusa gelenlerinde talyplary garşyalýar we umumy ýaşaýyş jaýlaryna ýerleşmekde kömek edýär.

Iň köp isleg bildirilýän bilim ugurlary, şol sanda maglumat tehnologiýalary, inženerçilik, ykdysadyýet, lukmançylyk we beýleki ugurlar hödürlenýär. Belarus ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen söhbetdeşlikler hem şahsy gatnaşmak, hem-de onlaýn görnüşde geçirilýär.

Okuwa girmek üçin aşakdaky resminamalar toplumy talap edilýär:

– Türkmenistanyň raýatynyň daşary ýurtlara gitmek üçin pasporty we içerki pasporty (terjimesi bilen);

– orta bilim hakyndaky şahadatnama (notarial taýdan tassyklanan nusgalary);

– saglyk baradaky kepilnama we AIW keseliniň ýokdugy baradaky kepilnama (terjimesi bilen);

– bellenen nusgadaky fotosuratlar.

Resminamalara bolan talaplary söhbetdeşliklerde kesgitlener.

Gutarnykly sanawy kabul ediji uniwersitet kesgitleýär.

Ýerleriň sany çäklidir.

Maslahat almak we öňünden hasaba alynmak üçin ýazylyşyk eýýäm açykdyr.

Tel.: +993 71 57 26 30, +993 61 67 60 76, +993 64 64 99 56

Email: rastyol@gmail.com

Türkmenistan, Aşgabat ş.