Turkmenportal logo
Düýn 16:06
68796879
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýada guş dümewi sebäpli 450 müňden gowrak towuk ýok edildi
Surat: belta.by

Ýaponiýada guş dümewiniň nobatdaky möwjemesi sebäpli 450 müňden gowrak towuk ýok edildi diýip, TASS habar berdi. Hokkaýdo prefekturasynyň häkimiýetleriniň habaryna görä, Titose şäherindäki guşçulyk fermasynda guş dümewiniň täzeden möwjemesi hasaba alnandan soňra 456 müň towuk ýok edildi.

Öňüni alyş çäreleriniň geçirilýändigine garamazdan, bu kesel ýurtda yzygiderli ýüze çykýar. Mysal üçin, şu ýyl tutuş Ýaponiýada guş dümewiniň ýaýran ojaklarynyň 20-den gowragy anyklandy. Ýokanja garşy göreşmek üçin her güýzde we gyşda keselli towuklaryň millionlarçasy ýok edilýär.